TÜRKSOÝ-ANADOLU Simfoniýa orkesti Ispaniýada konsert programmasy bilen çykyş etdi

TÜRKSOÝ-ANADOLU Simfoniýa orkesti ispaniýaly sungady söýüjileriň göwnünden turdy

881421
TÜRKSOÝ-ANADOLU Simfoniýa orkesti Ispaniýada konsert programmasy bilen çykyş etdi

 

Halkara Türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ bilen Eskişehir Anadoly uniwersitetiniň hyzmatdaşlygynda döredilen TÜRKSOÝ-ANADOLU Simfoniýa orkesti Ispaniýa turniriniň çäginde  Granda-da konsert programmasy bilen çykyş etdi.

Grandanyň “Manuel de Falla Auditorium” zalynda ikinji gezek çykyş eden TÜRKSOÝ-ANADOLU Simfoniýa orkesti ispaniýaly sungady söýüjileriň göwnünden turdy.

Azerbaýjanly, Gazagystanly, Gyrgyzystanly we Türkiýeli sungat ussatlarynyň konserdini diňlemek üçin 1000 adamlyk zaly dolduran sungady söýüjiler ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirdi.

TÜRKSOÝ-ANADOLU Simfoniýa orkesti 2018-nji ýylyň 9-njy ýanwaryna çenli dowam etjek Ispaniýa turniriniň çäginde birnäçe şäherde 6 gezek konsert berer.

 


Etiketkalar: #TÜRKSOÝ , #konsert , #turnir

Degişli Habarlar