“Terror guramasy FETÖ howpuna garşy dostlarymyza duýduryş bermek dostlugymyzyň borjudyr”

Kahraman Türki dilli ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasy TÜRKPA agza ýurtlaryň Mejlis başlyklarynyň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Bişkege gitdi

863840
“Terror guramasy FETÖ howpuna garşy dostlarymyza duýduryş bermek dostlugymyzyň borjudyr”

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Kahraman Gyrgyzystanda FETÖ barada duýduryş berdi.

TBMM-niň başlygy Kahraman “Terror guramasy FETÖ howpuna garşy dostlarymyza duýduryş bermek dostlugymyzyň borjudyr” diýdi.

Kahraman Türki dilli ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasy TÜRKPA agza ýurtlaryň Mejlis başlyklarynyň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkege gitdi.

Ismail Kahramanyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Halkara Manas howa menzilinde Gyrgyzystanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Asel Koduranowa, Mejlisiň Gyrgyzystan-Türkiýe Dostluk toparynyň başlygy Asylbek Damirbekuli, TÜRKPA-nyň Baş sekretary Jandos Asanow, Türkiýäniň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi İbragim Junusow tarapyndan garşylandy.

TBMM-niň başlygy Kahraman saparynyň çäginde ilki Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Oktaý Asadow bilen duşuşdy.

Gyrgyzystanyň Mejlisiniň başlygy Dastanbek Jumabekow bilen hem duşuşan Kahraman dünýäde parahatçylygyň we howpsyzlygyň ähmiýetine ünsi çekdi we Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygyny gürrüň berdi.

Kahraman Türkiýede 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň arkasynda Erzurumda doglan we 40 ýyldan bäri iş alyp barýan Fetullah Gülen atly ymamyň bardygyny aýtdy.

FETÖ meselesinde duýdyryş beren Kahraman FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy üçin uly taýarlyk görendigini nygtady we “Terror guramasy FETÖ howpuna garşy dostlarymyza duýduryş bermek dostlugymyzyň borjudyr” diýdi.

Gyrgyzystanda birinji gezek gelýändigini aýdan Kahraman Jumabekowy täze wezipesi bilen gutlady we Türkiýä çagyrdy.

Paramentara hyzmatdaşlyk hakynda durup geçen Kahraman hyzmatdaşlygyň sebitiň hem-de dünýäniň parahatçylygy taýdan peýdaly boljakdygyna ynanýandygyny belledi.



Degişli Habarlar