Mewlüt Çawuşogly Bakuda Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Pakistanyň Daşary işler ministrleriniň üç taraplaýyn maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Bakuda Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

858301
Mewlüt Çawuşogly Bakuda Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew kabul edilşikde Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Pakistanyň Daşary işler ministrleriniň üç taraplaýyn maslahatynyň ähmiýetine ünsi çekdi we üç ýurduň arasynda täze hyzmatdaşlyk mehanizminiň dörediljekdigini belledi.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň ozal hem birnäçe ýurt bilen üç taraplaýyn mehanizm döredendigini ýatladan Aliýew, şol mehanizmleriň iki taraply hem-de köp taraply gatnaşyklaryň ösmegine itergi berendigini nygtady.

Kabul edilşikde bir aý ozal açylan Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasy hakynda durup geçen Daşary işler ministri Çawuşogly bolsa  “Geljekde TANAP ýaly has uly taslamalary durmuşa geçireris. Siziň ýolbaşçylygyňyzda bir tarapdan iki taraply gatnaşyklarymyz ähli taraplaýyn ösýär, beýleki tarapdan Azerbaýjan bilen Türkiýe sebitiň durnuklylygynda we ykdysady galkynyşynda esasy rol oýanaýar” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly Gürjistan, Türkmenistan we Eýran bilen döredilen üç taraplaýyn mehanizleriň sebitiň durnuklylygynyň güýçlenmeginde esasy rol oýnajakdygyny nygtady.

Çawuşogly saparynyň çäginde soň bolsa Pakistanyň Daşary işler ministri Hoja Muhammed Asyf we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Mammedýarow bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar