Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjana gidýär

Daşary işler ministri Çawuşoglynyň maslahatyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edilmegi göz öňünde tutulýar

857706
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjana gidýär

Daşary işler ministri Çawuşogly Azerbaýjanyň ýer eýeçiliginde 30-njy noýabrda Bakuda geçiriljek Türkiýäniň-Azerbaýjanyň-Pakistanyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna we 1-nji dekabrda  Owganystan meselesinde geçiriljek Aziýanyň kalby-Stambul etabynyň minisrtler derejesinde geçiriljek 7-nji konferensiýasyna gatnaşar.

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Pakistanyň Daşary işler ministriniň gatnaşmagynda ilkinji gezek geçiriljek üç taraplaýyn maslahatda dost we dogan üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Daşary işler ministri Çawuşoglynyň maslahatyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Owganystana ähli taraplaýyn goldaw bermek maksady bilen sebitara hyzmatdaşlygy we arkalaşygy jebisleşdirmegi maksat edinýän Stambul etaby, Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde 2011-nji ýylyň 2-nji noýabrynda geçirlen Owganystan üçin Stambul konferensiýasy bilen başlapdy.

Türkiýe Stambul etabynda esasy rol oýnamaga dowam edýär.

Stambul etabynyň minisrtler derejesinde geçiriljek 7-nji konferensiýasyna Türkiýe bilen birlikde 14 ýurduň gatnaşmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar