Gyrgyzystanyň täze Prezidenti kasam edip wezipesine başlady

Gyrgyzystanda 15-nji oktýabrda geçirilen Prezident saýlawlarynda üstünlik gazanan Sosial demokrat partiýasyndan dalaşgär Sooronbaý Žeenbekow kasam edip, wezipesine başlady

854440
Gyrgyzystanyň täze Prezidenti kasam edip wezipesine başlady

Daşary ýurtly myhmanlaryň kabul edilmedik we diňe Prezident diwanynyň metbugat merkeziniň tomaşa edip bilen kasam edilşik dabarasynda Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Nurjan Şaildabekowa Prezident resminamasyny Žeenbekowa gowşurdy.

Gyrgyz Respublikasynyň baýdagyny ogşan Žeenbekow Atambaýewden Gyrgyz tugyny kabul edip aldy we konstitutsiýanyň üstüne elini goýup kasam etdi.

Žeenbekow eden çykyşynda Prezident wezipesine geçeninden soň ilki bilen adalatly we asuda saýlawlaryň geçirilmegine goşant goşan ýurdyň ozalky Prezidenti Almazbek Atambaýewe döwletiň iň ýokary derejeli sylagy builen sylaglandyrylmagy bilen baglanşykly karara gol çekjekdigini belledi.

Žeenbekow köp milletli ýurdyň birlik we jebislik içinde ýaşajakdygyny aýdyp, ýurtda we esasanam býurokratiýada sebitleýin we etniki diskraminasiýa rugsat bermejekdigini belledi.

Garaşsyz Gyrgyzystanyň demokratik ýollar bilen öňe tarap barýandygyny bütin dünýä tassyklandygyny abdam Žeenbekow: “Garaşsyzlyk taryhymyzda ilkinji gezek parahatçylykly ýollar bilen hökümet üýtgeýär” diýdi.

Halkyna, partiýasyna minnetdarlyk bildiren Žeenbekow daşary syýasatda milli bähbitleriň goralmagynyň dowam etjekdigini aýdyp: “Russiýa Federasiýasy bilen strategik gatnaşyklarymyzy güýçlendireris. Goňşy Hytaý bilen hem gatnaşyklarymyzy berkideris. Orta Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen taryhy baglaryň çäginde gatnaşyklarymyzy güýçlendireris. ÝB-e agza ýurtlar bilen ýakyn gatnaşyk gurmagymyzy dowam etdireris. Türkiýe we ABŞ bilen hyzmatdaşlygymyzy özgerderis” diýdi.

Prezident Žeenbekow 6 ýyllyk döwründe halkyň bagtyýarlygy we ýurdyň galkynyş üçin hyzmat etjekdigini belledi.

Sooronbaý Žeenbekow 15-nji oktýabrda geçirilen Prezident saýlawlarynda saýlawlaryň ilkinji tapgyrynda sesleriň 54,22 göterimini alypdy.



Degişli Habarlar