Russiýanyň Daşary işler ministri resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy

Lawrow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

850786
Russiýanyň Daşary işler ministri resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy

 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Azerbaýjanyň Prezident diwanyndan berlen beýanata görä, Aliýew kabul edilşikde Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklardan hoşaldygyny aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň geljek-de has-da pugtalanjakdygyna ynanýandygyny aýdan Aliýew, üstümizdäki ýyl söwda mukdarynyň we iki taraply maýa goýumlaryň artandygyny, iki ýurduň arasynda energetika we transport pudagynda edilýän gatnaşyklaryň hem ýokarlandygyny ýatlatdy.

Ermenistan-Azerbaýjan çaknyşygy we Daglyk Garabag meselesi hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Aliýew “Azerbaýjan bu meseläniň gysga wagtda çözülmegini isleýär” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler Lawrow Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda mukdarynyň üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe 60 göterim artandygyny belledi.

Daglyk Garabag meselesiniň çözülmegi etaby hakynda hem durup geçen Lawrow “Biz Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň agzasy hökmünde meseläniň çözülmegine goldaw bermek isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar