Astana gepleşikleri tamamlandy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen 7-nji Siriýa temaly maslahat tamam boldy

838334
Astana gepleşikleri tamamlandy

Ençeme tankydy meseläniň ara alynyp maslahatlaşylan maslahatda taraplar ýesir alynan adamlaryň çalşylmagy we gabaw astyndaky sebitlere dowamly ynasanparwer kömekleriň iberilmegi babatynda ylalaşyga gelip bilmediler.

Garant ýurtlar bu meseleleriň üstünde işlemek barada karar kabul etdiler.

Maslahatyň 2-nji we soňky gününde Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Asada bagly güýçleriň we harby oppozisiýanyň arasynda ikiçäk we üçtaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Synçy bolup gatnaşan ABŞ-nyň, Iordaniýanyň we BMG-nyň wekilleri hem gepleşiklere gatnaşdylar.

Türkiýäniň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal ýolbaşçylyk etdi.

Astanada taraplar ähli meseleler babatynda ylalaşyga gelip bilmeseler hem umumy beýannama babatynda ylalaşyk gazandylar.

Gazagystanyň Daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanow 2 gün dowam eden maslahatyň jemleýji beýannamasyny okady.

Abdrahmanow ozalky gepleşiklerde gazanylan Siriýanyň içindäki dartgynlygy azaltmak üçin çaknyşmazlyk babatyndaky ylalaşygyň umuman alynanda ýola goýulmagyndan hoşaldyklaryny belledi.

Gazagystanyň Daşary işler ministri ýogalan adamlaryň jesetleriniň berilmegi, dereksiz ýiten adamlaryň şahsyýetleriniň anyklanmagy ýaly meselelerde bolsa işleriň dowam etdiriljekdigi barada ylalaşylandygyny mälim etdi.  

Abdrahmanow 8-nji Astana gepleşikleriniň dekabr aýynyň 2-nji ýarymynda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Oppozisionerler Asada bagaly güýçleriň ylalaşmak islemeýändigini we Siriýada od açmazlyk baradaky ylalaşygyny düzgünlerini bozýandygyny habar berdiler.



Degişli Habarlar