Türkiýe Respublikasynyň 94-nji ýyly Aşgabatda dabara bilen bellenilip geçildi

29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli ilkinji dabara Türkmen-türk Anadoly liseýinde geçirildi

837327
Türkiýe Respublikasynyň 94-nji ýyly Aşgabatda dabara bilen bellenilip geçildi

Hormatly dymyşlykdan soň Türkiýäniň we Türkmenistanyň Milli senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlan dabarada Türkiýäniň Aşgabatdaky Bilim müdüri Zübeýir Ýylmaz we Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Mustafa Kapuju çykyş etdiler.

Edilen çykyşlarda türk milletiniň Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygynda eden göreşi we Türkiýe Respiblikasynyň yglan edilmegi ugrunde ýerine ýetirilen işler giňişleýin düşündirildi. Türk milletiniň garaşsyz ýaşaýyşa we demokratiýa wepalylygyna ünsler çekildi.

Düzüminde başlangyç synplary, orta synplary we liseýi jemleýän Türkmen-türk Anadoly liseýiniň okuwçylaryň aýdan goşgularyndan soň mekdebiň hory kiçiräk çykyşlar ýerine ýetirdi. Halk tans toparynyň çykyşyyndan soň bolsa ýylyň dowamynda geçirilen ýaryşlarda ilkinji orunlara mynasyp bolan okuwçylara sowgatlar berildi.

Türkiýe Respublikasynyň 94-nji ýyly mynasybetli bolsa Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda resmi kabul edilşik geçirildi. Kabul edilşikde Türkimenistanyň hökümetine Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammed Durdulyýew wekilçilik etdi. Türkiýäniň we Türkmenistanyň Milli senalarynyň ýerine ýetirilmeginden soň ilçi Mustafa Kapuju we Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammed Durdulyýew çykyş etdiler.

 



Degişli Habarlar