Türkiýe bilen Özbegistan saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlyk eder

Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda baglaşylan şertnama saglygy goraýyş taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny maksat edinýär

834814
Türkiýe bilen Özbegistan saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlyk eder

Türkiýe bilen Özbegistan saglygy goraýyş pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk eder.

Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanata görä,  Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda baglaşylan şertnama saglygy goraýyş we saglyk turizmi taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny maksat edinýär.

Şertnama Türkiýäniň adyndan Saglygy goraýyş ministri Ahmet Demirjan, Özbegistanyň adyndan bolsa Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gol goýdy.

Şertnamanyň çäginde taraplar saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi we güýçlendirilmegi, saglyk turizminiň ösdürilmegi, saglygy goraýyş hepdeliginiň geçirilmegi ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk eder.

 

 



Degişli Habarlar