TİKA-nyň goldawy bilen Özbegistanda 141 adam operasiýa edildi

Özbegistanda Türk İş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Agentligi TİKA-nyň goldaw bermeginde 691 çaganyň saglygy barlandy, 141 adam operasiýa edildi

831329
TİKA-nyň goldawy bilen Özbegistanda 141 adam operasiýa edildi

TİKA, Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrligi, Özbegistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi, Özbegistanyň Sagdyn gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginde 9-njy Plastiki hirurgiýa operasiýasy taslamasy Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynyň Termez şäherinde geçirildi

TİKA-dan berilen baýannama görä TİKA-nyň goldaw bermeginde we utgaşdyryjylygynda 9-njy Plastiki hirurgiýa operasiýasy taslamasy bilen 691 çaganyň saglyk ýagdaýy barlandy, 141 adam plastiki hirurgiýa usuly bilen operasiýa edildi.

Operasiýadan ozal hassahada guralan açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň Dolanşyk we Protokol bölüminiň başlygy Arif Çetin, şeýle çäreleriň iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Surhanderýa welaýatynyň häkiminiň orunbasary Mawluda Kabulowa bolsa taslamanyň halk üçin iňňän möhümdigini nygtady.

TİKA-nyň Daşkentdäki utgaşdyryjysy Ali İhsan Çaglar Termezde edilen operasiýalaryň uzak ýyllardan bäri dowam edýän hyzmatdaşlygyň netijesidigini aýtdy.



Degişli Habarlar