Gyrgyzystanda Prezident saýlawlary geçiriler

Ýurtda 2011-nji ýylda geçirilen saýlawlarda Prezident wezipesine saýlanan Almazbek Atambaýewiň wezipesiniň möhledi 1-nji dekabrda tamam bolar

826726
Gyrgyzystanda Prezident saýlawlary geçiriler

3 million gyrgyz saýlawçy 15-nji oktýabrda ýekşenbe güni Prezidentini saýlamak üçin ses berer.

Saýlawlara 11 dalaşgär gatnaşsada geçirilen anketlere garanyňda ýaryşyň hökümetiň başyndaky Sosial demokrat partiýanyň dalaşgäri, ozalky Premýer ministr Sooronbaý Žeenbekow bilen Respublikan partiýasynyň esaslandyryjysy we ýurdyň ozalky Premýer ministri Ömürbek Babanowyň arasynda geçjekdigini görüp bolýar. 

Ýurtda 2011-nji ýylda geçirilen saýlawlarda Prezident wezipesine saýlanan Almazbek Atambaýewiň wezipesiniň möhledi 1-nji dekabrda tamam bolar. 



Degişli Habarlar