Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

825311
Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady.

Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy.

Günüň ikinji ýarymynda “Radisson Blu Resort & Congress Centre” Kongresler merkezinde GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Forum başlamazdan ozal sammite gatnaşýan Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň sammite gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baýdaklarynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Mejlisiň gün tertibine möhüm ugurlarda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Arkalaşygyň işiniň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna uýgunlaşdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Medeni-ynsanperwer ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugrukdyryjy ugrudyr we şeýle bolmagynda galýar. GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem maşgalany we däp bolan maşgala gymmatlyklaryny sagdyn hem-de durnukly geljegiň üpjün edilmegi üçin ygtybarly binýat hökmünde goldamak meselesini sammite gatnaşyjylar gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň bilen birlikde, birnäçe guramaçylyk meselelerine, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek baradaky meselä hem garaldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti giňişleýin düzümde geçirilýän duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan GDA-da Täjigistanyň başlyklyk etmäge başlaýandygy bilen baglylykda, Täjigistanyň Prezidentine, soňra bolsa 2019-njy ýylda başlygy kabul etjek Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýändigini aýtdy. 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşygyň barşynda örän möhüm meselelere garalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe geçip, Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlyga sarpa goýýandygyny, oňa Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň daşary gatnaşyklarynyň örän ähmiýetli bölegi hökmünde garaýandygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, türkmen Lideri GDA ýurtlarynyň arasyndaky özara ynamyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna üns bermegiň maksada laýykdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi zerurdyr. Şunda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň uly mümkinçilikleri peýdalanylmalydyr. Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän DIM-ara geňeşmeler GDA giňişliginde toplanan birnäçe meseleleriň çözülmeginde çynlakaý gural bolup hyzmat ederdi.

Mundan başga-da, BMG, ÝHHG –sy ýaly iri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň derejesi ýokarlandyrylmalydyr, häzirki wagtda ählumumy gün tertibiniň öňünde durýan wezipelere ýetmek üçin iri halkara düzümlerinde Arkalaşygyň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek üçin çäreler görülmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti bular barada aýtmak bilen, häzirki wagtda GDA-nyň ählimumy we sebit guramalarynyň işlerine gatnaşmakda uly tejribe eýe bolup durýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Birleşen Milletler Guramasynyň resmi hyzmatdaşy bolup durýar, şeýle hem ÝHHG-niň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara birleşikleriniň we düzümleriniň işine işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary nazara almak bilen, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrliklerine syýasy-diplomatik ulgamda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen hereketleriň orta möhletleýin maksatnamasyny işläp düzmegi tabşyrmagy dogry hasap edýändigini belledi.

Türkmen Lideri söwda-ykdysady ugurda işleri anyklaşdyrmagyň geljekki möhüm waka bolup durýandygyny belläp, Arkalaşygyň öz ägirt uly mümkinçiliklerini aýratyn giňişlik hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna has işjeň hem-de doly derejeli goşulyşmagynyň zerurdygyny nygtady. GDA-nyň giňişliginde ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýar, häzirki zaman düzümleri, sebitara ähmiýetli aragatnaşyk –logistika merkezleri döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda anyk çäreleriň kabul edilmelidigi barada pikir aýtdy, munuň özi umumy bähbitlere hem, aýry-aýry ýurtlaryň bähbitlerine hem laýyk gelýär.

Elbetde, şeýle wezipäni ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki işlere täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerur bolar diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Bu babatda GDA-nyň ykdysady ulgamda özara gatnaşyklarynyň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, biz hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seredip bilerdik. Olar Arkalaşygyň çäklerinde diňe ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge däl-de, eýsem olary yklym we yklymara derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz şeýle çemeleşmäniň ykdysady hyzmatdaşlykda eýýäm ýola goýlan hem-de GDA döwletleriniň arasynda hereket edýän ykdysady hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirip biljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýdanlaryny jemlemek bilen, Türkmenistanyň bitarap derejesini nazara almak hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça özara gatnaşyklary dowam etmäge, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ygrarly bolup galýandygyny belledi.

Russiýa Federasiýasynyň şu ýyl GDA başlyklyk ediji ýurt hökmünde netijeli işleri alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen milli Liderimiz türkmen tarapynyň 2018-nji ýylda bu wezipä Täjigistanyň saýlanmagyny uly hormat bilen goldaýandygyny belledi, şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanyň başlyklyk edijileriň biri hökmünde goldanylýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetine minnetdarlyk bildirdi.

Mejlisiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy, GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko söz berildi, ol bu Assambleýanyň işi hem-de onuň häzirki zaman şertlerine uýgunlaşdyrylyşy hakyndaky habar bilen çykyş etdi.

GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi jemleýji resminamalara gol çekilmegi bilen tamamlandy. Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynda 2018-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň başlyklyk etmegi hakynda çözgüt kabul edildi. Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer. (TDH)



Degişli Habarlar