Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Ýokary Karabag bilen bagly beýanat berdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Ermenistan bilen geçirilýän Ýokary Karabag gepleşiklerinde Azerbaýjanyň territorial bütewiliginiň gepleşiklere açyk bolmajakdygyny belledi

823165
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Ýokary Karabag bilen bagly beýanat berdi

Azerbaýjanyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyna ýolbaşçylyk eden Ilham Aliýew Ýokary Karabag meselesinde soňky gelinen netijeleriň üstünde durup geçdi.

Aliýew Azerbaýjanyň Karabag meselesindäki pozisiýasynyň hiç wagt üýtgemändigini belläp Azerbaýjanyň territorial bütewiliginiň gepleşiklere açyk bolmajakdygyny belledi.

Azerbaýjanyň territoriýasynda ikinji bir Ermeni döwletiniň gurulmagyna asla rugsat bermejekdiklerini aýdan Aliýew Ermenistanyň gepleşikler etabyny bozmak islemeginiň hem netije bermejekdigini nygtady.



Degişli Habarlar