V Türkiýe-Özbegistan saglygy goraýyş hepdesi Özbegistanda başlady

Türk lukmanlar şeýle hem özbek lukmanlara bilen tejribesini paýlaşarlar

818541
V Türkiýe-Özbegistan saglygy goraýyş hepdesi Özbegistanda başlady

Türkiýäniň we Özbegistanyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň, Türk Iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TIKA-nyň we Özbegistanyň Berk nesil gaznasynyň bilelikde geçirýän çäre Termiz şäherinde öz işine başlady.

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň Dolanşyk we protokol bölüminiň başlygy Arif Çetiniň ýolbaşçylygyndaky 15 lukmandan ybarat türk wekiliýet 6-njy oktýabra çenli dowam etjek Saglygy goraýyş hepseiniň çäginde Termiz şäherindäki Çagalar hassahanasynda 130-dan gowrak çagany bejergi ederler.

Ýurdyň günortasyndaky sebitlerde ýaşaýan çagalar mugt operasiýa ediler.

Operasiýalarda ulanyljak enjamlar we dermanlar Türkiýe tarapyndan beriler.

Türk lukmanlar şeýle hem özbek lukmanlara bilen tejribesini paýlaşarlar.



Degişli Habarlar