Azerbaýjan 15 müň esgeriň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirýär

Harby türgenleşik 22-nji sentýabra çenli dowam eder

809205
Azerbaýjan 15 müň esgeriň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirýär

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda Prezident Ilham Aliýew tarapyndan tassyklanan meýilnama görä, ýaragly güýçleriň gatnaşmagynda giň gerimli harby türgenleşigiň başlandygy nygtaldy.

Daglyk meýdanda geçiriljek türgenleşige 15 müň harby hünärmen gatnaşýar.

Türgenleşige şeýle hem 150 tank bilen sowutly ulag, 120 roketa we top ulgamy, 20 uçar we dik uçar bilen täze nesil uçarmansyz howa ulaglary gatnaşýar.

Harby türgenleşik 22-nji sentýabra çenli dowam eder.

 



Degişli Habarlar