Türkmen ýaşlarynyň Türkiýä we Türkiýedäki ýokary okuw jaýlaryna bolan rekord gyzyklanmasy

Türkiýede ýokary bilim almak isleýän türkmen ýaşlarynyň sany rekord derejä göterildi

802140
Türkmen ýaşlarynyň Türkiýä we Türkiýedäki ýokary okuw jaýlaryna bolan rekord gyzyklanmasy

 

Günde onlarça ýetginjek Türkiýedäki ýokary mekdeplerde okamak maksady bilen Aşgabatdaky Bilim wekilliginden tassyknama alýar.

Aprel aýynda ozalky uçurymlar bilen başlan ýüz tutmalar, şu ýyl orta mekdebi tamamlanlaryň iýul we awgust aýlaryndaky ýüz tutmalary bilen dowam etdi. Sentýabr aýynyň birinji hepdesinde ýüz tutmalaryň sany 4 müňe golaýlady.

Türkiýedäki ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýän daşary ýurtly ýaşlar bilen Türkiýe Respublikasynyň raýaty bolup, orta bilimini daşary ýurtlarda alanlar; Daşary ýurtly talyp synagyna we Türkiýedäki ýokary okuw jaýlarynyň şol maksada laýyklykda bölüp beren ýerlerine ýüz tutup bilýärler.

Ýokary bilim guramasynyň 2016-2017-nji okuw ýylynyň görkezijilerine görä, häzirki wagtda 110 müňe golaý daşary ýurtly talyp bilim alýar. Şolaryň 13 müňi orta mekdebi daşary ýurtlarda alan Türkiýe Respublikasynyň raýatlaryndan ybarat. Ýüz müňe golaý talyp daşary ýurtly.

Türkmen ýaşlary her ýyl türk uniwersitetlerine uly gyzyklanma görkezýär. Türkiýede 10 müňe golaý türk ýaşlary bilim alýar.

Şu ýyl islegiň hasam artandygy görülýär. Türkiýedäki uniwersitetlerde ýokary bilim almak isleýän onlarça ýaşlar tassyknama almak üçin Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkiýäniň Bilim wekilhanasyna ýüz tutýarlar. Türkiýäniň Bilim wekili Zübeýir Ýylmaz geçen ýyllarda ortaça 2-2,5 müňe golaý bolan ýüz tutmanyň sanynyň üstümizdäki aýyň ilkinji hepdesinde 4 müňe golaýlandygyny aýtdy. Şol sanyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli 4 müňden geçmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar