Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti rus kärdeşine Kubanda bolan awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

797659
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnodar ülkesinde awtobusyň ýol-ulag heläkçiligine uçramagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmeleri zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi. (TDH)



Degişli Habarlar