Gazagystan Müsüre nota berdi

Gazagystan 6 raýatynyň Müsürde näme sebäpli göz tussaglygyna alynandygy barada maglumat berilmändigi üçin nota berdi

781755
Gazagystan Müsüre nota berdi

 

Gazagystan 19-njy iýulda 6 raýatynyň Müsürde näme sebäpli göz tussaglygyna alynandygy barada maglumat berilmändigi üçin Müsüre nota berdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Anaur Jaýnakow Müsüriň paýtagty Kairde 19-njy iýulda Gazagystanyň  6 raýatynyň göz tussaglygyna alynandygyny emma 12 günden bäri müsürli ýolbaşçylaryň mesele hakynda özlerine hiç hili maglumat bermändigini aýtdy.

Jaýnakow Müsüriň içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen geçirlen gepleşiklerden  hem netije alyp bilmändiklerini belledi.

Gazagystan 6 raýatynyň näme sebäpli göz tussaglygyna alynandygy we göz tussaglygyna alynanlaryň nirede saklanýandygy hakynda maglumat berilmändigi üçin Müsüriň Gazagystandaky ilçihanasyna nota berdi.

 



Degişli Habarlar