Gazagystan Demirgazyk Koreýanyň hereketini berk ýazgardy

Gazagystan Demirgazyk Koreýanyň geçen hepdäniň anna güni geçiren ballistik raketa synagyny berk ýazgardy

780671
Gazagystan Demirgazyk Koreýanyň hereketini berk ýazgardy

Ýurdyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda synagyň BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň kararyna ters gelýändigi, dünýä parahatçylygyna howp salýandygy we hem sebitleýin hem-de global derejede ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrýandygy bellendi.

Demirgazyk Koreýanyň jogapkärçiliksiz syýasatynyň dünýädäki ýadro ýaragsyzlandyrma etabyna ýaramaz täsir ýetirýändigi we ýadro ýaragsyz geljegiň üpjün edilmegindäki tagallalaryň köküni paltalaýandygy aýdylýan beýanatda: “Demirgazyk Koreýanyň öz halkynyň howpsyzlygy we galkynyşy, mundan başgada bütin adamzadyň bähbitleri üçin ýadro hereketlerinden ýüz öwürmäge çagyrýarys” diýip bellendi.

Beýanatda meseläniň diňe gepleşikler arkaly çözülmelidigi nygtaldy.

Ýaponiýa 28-nji iýulda Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketa synagyny geçirendigini we raketanyň Ýaponiýanyň ykdysady sebitindäki suwlaryna gaçandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar