Atambaýew Gyrgyzystandaky Amerikan bazasy barada täsin maglumat berdi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew Bişkekdäki Manas halkara howa menziline ABŞ-niň harby bazasynyň ýerleşdirilmegi sebäpli özlerine garşy raketa hüjümi guralmak bilen haýbat atylandygyny habar berdi

777250
Atambaýew Gyrgyzystandaky Amerikan bazasy barada täsin maglumat berdi

Yssyk gölüniň kenaryndaky Çolpan Ata şäherinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Atambaýew 2011-nji ýylda Manas halkara howa menziline ýerleşdirilen we 2014-nji ýylda ol ýerden çykarylan ABŞ harby bazasy bilen balnaşykly täsin maglumatlar berdi.

Almazbek Atambaýew: “Russiýanyň we Hytaýyň asuda we parahat Gyrrgyzystana zerurlygy bar. Emma käbir ýurtlar tapawutly zatlaryň meýlinde. ABŞ-niň Döwlet sekretarylygynyň demokratlar zamanasynda alyp baran syýasatyna oňyn garamaýaryn. 2014-nji ýylda käbir ýurtlar eger gerek bolan halatynda Amerikan uçarlaryna raketalar bilen hüjüm gurajakdyklaryna we adamlarymyza zeper ýetip biljekdiklerine açyk ýagdaýda aýtdylar” diýdi.

ABŞ-ni sebitiň ýurtlarynyň içerki işlerine garjaşmak bilen günäkärlän Atambaýew Özbegistanyň ozalky Prezidenti Yslam Kerimowyň suw sebäpli Orta Aziýada söweşiň ýüze çykyp biljekdigi barada aýdan sözlerini ýatladyp: “Bu beýanatyň edil yz ýany amerikalylar Özbegistana her biri 1 million dollar gymmadyndan bolan 328 sany sowutly ulag satdy. Ine olaryň demokratiýasynyň gymmady. Olar iki dogan halk bolan gyrgyzlary we özbekleri biri-birleri bilen uruşdyrmaga synanyşdy” diýdi.



Degişli Habarlar