15-nji iýuldaky şehitler Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda hatyralandy

Çärede 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan adamlar üçin Gurhandan aýatlar we dogalar okaldy

771366
15-nji iýuldaky şehitler Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda hatyralandy

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda geçirilen çärä tapawutly ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri we Aşgabatda ýaşaýan türk raýatlar gatnaşdylar.

Türkiýäniň Türkmenistnadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju gelen myhmanlar bilen salamlaşmagyndan soň başlan çäre hormatly dymyşlyk we Milli senanyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi. Zalda ýygnanan türk raýatlaryň ählisi bilelikde Milli senany ýerine ýetirdiler.

Hatyralama çäresine gatnaşan adamlara 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygy we türk halkynyň öz ygtyýaryna eýe çykmak göreşini görkezýän wideo görkezildi.

Çärede söz sözlän ilçi Mustafa Kapuju 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda ýogalan şehitleriň iň ýaşynyň 15 ýaşlydygyny, iň garrysynyň bolsa 82 ýaşyndadygyny belledi we türk milletiniň ol gije 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli zenanyň we erkegiň demokratiýasyna eýe çykandygyny habar berdi.

Bular ýaly herekedi eden FETÖ-niň edil DAIŞ we Al Nusra ýaly halkara bir terror guramasydygyny aýdan ilçi Kapuju çärä gatnaşan ilçilere ýüzlenme berdi we bu guramanyň iş alyp barýan ähli ýurtlar üçin örän uly howp abandyrýandygyny belledi.

Ilçi Mustafa Kapujynyň çykyşyndan soň Gurhan okaldy we 15-nji iýul şehitler üçin dogalar edildi.



Degişli Habarlar