Siriýa gepleşikleriniň 5-nji tapgyry dowam edýär

Siriýa temaly gepleşikleriň 5-nji tapgyryna Iýordaniýaly we Amerikaly diplomatlar hem gatnaşdy

764846
Siriýa gepleşikleriniň 5-nji tapgyry dowam edýär

Düýn Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirlen Siriýa temaly gepleşikleriň 5-nji tapgyrynda Türkiýeli, Russiýaly we Eýranly wekiliýetler ikitaraply we üçtaraply gepleşikler geçirdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksander Lawrentýew gepleşiklerde Homusyň käbir etrapçalarynyň we Gündogar Gutadaky çaknyşyksyz zolaklaryň çäkleriniň kesgitlenilendigini aýtdy.

Düýn ir ertir başlan gepleşikleriň çäginde Daşary işler ministriniň kömekçisi Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura bilen duşuşdy.

Russiýanyň we Eýranyň resmi wekiliýetleri hem Siriýanyň wekiliýeti bilen duşuşdy.

Siriýa temaly gepleşikleriň 5-nji tapgyryna Iýordaniýaly we Amerikaly diplomatlar hem gatnaşdy.

Ähli taraplaryň gatnaşmagynda şu gün geçiriljek maslahata Gazagystanyň Daşary işler Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar