Türkmenistanyň we Hytaýyň liderleri Astanada duşuşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow EXPO-2017-niň açylyş dabarasy üçin Astana guran saparynyň dowamynda Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

750494
Türkmenistanyň we Hytaýyň liderleri Astanada duşuşdylar

Türkmen Döwlet Habarlar Gullugynyň habar bermnegine görä liderler Türkmenistan-Hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler.

İki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsleri çeken liderler milli bähbitler we Aziýa sebitiniň gelJegi barada pikir alyşyp, ykdysady hyzmatdaşlygy hasam ösdürmek baradaky isleglerini beýan etdiler.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan-Gazagystan-Hytaý demir ýolunyň diýseň umytlandyryJy taslamadygyny we demir ýol gatnawy bilen bilelikde iş teJribesine eýe bolandyklaryny nygtady. Liderler Hytaý Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňizi sebitleri bilen Türkmenistanyň üstaşyr baglanşdyrýan geçelgeleriň şertlerini gowulandyrmak üçin transport logistikasy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini nygtadylar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda iki ýurduň bähbitlerine laýyklykda netiJeli hyzmatdaşlygyň bardygyny nygtan Liderler, şol hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilmegine bolan ynamy beýan etdiler.

 



Degişli Habarlar