Azerbaýjanyň Energetika ministri Natik Aliýew Stambulda aradan çykdy

69 ýaşly NAtik Aliýew düýn ýarawsyzlygy sebäpli hassahana alynyp gidilipdi

749383
Azerbaýjanyň Energetika ministri Natik Aliýew Stambulda aradan çykdy

Sowet döwründe Azerbaýjanyň energetika pudagynda ýolbaşçy wezipelerde işlän Aliýew, Azerbaýjanyň energetika guramasy SOKAR-yň başlygy bolup işläpdi.

Aliýew 1993-2005-nji ýyllaryň aralygynda SOKAR-nyň dolandyryjylar geňşiniň başlygynyň wezipesini hem ýerine ýetiripdi.

2005-nji ýylda Energetika we senagat ministrligine bellenen Natik Aliýew 2013-nji ýylda Energetika ministrligine bellenipdi.

Energetika pudagynda uly göwrümli şertnamalar üçin daşary ýurt firmalary bilen geçirilen gepleşiklerde ýurduna wekilçilik eden Aliýew, global nebit önümçiliginiň aşakladylmagy boýunça Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEK-iň agzalarynyň maslahatlaryna hem gatnaşypdy.

 

Natik Aliýew kim?

1947-njiş ýylyň 23-nji noýabrynda Bakuwda dünýä inen Aliýew 1970-nji ýylda Azerbaýjanyň Döwlet nebit akademiýasyny tamamlaýar. 1984-nji ýyla çenli Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasynda ýokary wezipelerde işleýär. 1993-2005-nji ýyllaryň aralygynda 12 ýyl SOKAR-yň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bolup işleýär.

 

 



Degişli Habarlar