Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy Özbegistanda saparda bolýar

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy Türkiýe-Özbegistan bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatyna gatnaşmak üçin Özbegistana gitdi

738835
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy Özbegistanda saparda bolýar

Ministr Awjy paýtagt Daşkentde ilki Özbegistanyň Syýahatçylygy ösdürmek komitetiniň başlygy Enwer Şarapow bilen duşuşdy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy Türkiýäniň Syýahat agentlikleri bileleşigi we Türkiýäniň Myhmanhanaçylar federassiýasy bilen Özbegistanyň syýahatçylyk bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy soň bolsa kärdeşi Mahmud Muratow bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga üns çekildi.

Özbegistanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri özara duşuşykda kärdeşi Nabi Awja ýadigärlik sowgat gowşurdy.



Degişli Habarlar