Kipr meselesiniň çözülmegi üçin geçirilýän gepleşikler dowam edýär

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen duşuşdy

724192
Kipr meselesiniň çözülmegi üçin geçirilýän gepleşikler dowam edýär

BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakdaky duşuşyga BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Espen Bart Eide hem gatnaşdy.

Duşuşykda gepleşik etabynda ylalaşyk gazanylyp bilinmedik ilkinji 4 ugruň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Liderler iki gezek arakesme berlen gepleşik etabynyň ýaňadandan depgininiň güýçlenmegi üçin tagalla edýär.

 



Degişli Habarlar