Kipr gepleşikleri 11-nji aprelde başlaýar

Bu barasynda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Mustafa Akynjy beýan etdi

709267
Kipr gepleşikleri 11-nji aprelde başlaýar

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy Kipr gepleşiklerinde 11-nji aprede başlajak täze döwürde hiç kimiň türk tarapynyň bir taraply başlangyçlar etmegine garaşmaly däldigini aýtdy.

Mustafa Akynjy Lapta häkimliginiň guran Aýrelli festiwalynda sözlän sözünde 11-njği aprelde ýagşy niýet bilen başlajak täze gepleşik tapgyrynda BMG-na uly jogapkärçilik düşýändigini nygtap: “Hem iki tarap, hem-de üç hemaýatkär ýurduň arasynda ýygy diplomatiýa alynyp barylmaly. Töwellaçylyk we ýazmaça resmi teklip islemeýäris. Ylalaşdyryjy düşünje we teklip isleýäris. BMG-niň ýolbaşçylary tarapsyz çemeleşip, deňlige üns berip, goldaýjy pozisiýa eýeläp bilerler” diýdi.

Prezident Akynjy Kipriň grek mejlisiniň 10-njy fewralda kabul eden “Enosis referendumynyň geçirilen gününiň mekdeplerde bellenilmegi” baradaky kararyna Kipriň türk halkynyň bitewilikde garşy durmagynyň ähmiýetine-de ünsi çekdi.

Akynjy grek mejlisiniň 7-nji aprelde başlangyç edip, şol ýalňyşlygy düzedendigini ýatladyp; “Bu ýalňyşlygy görşümiz ýaly edilen ýerlikli we dogry başlangyçlary hem görmek gerek. Täze gepleşikler tapgyrynda bir taraply başlangyçlary etmegimize garaşmasynlar. Bu ýoldan bilelikde ýörelen halatynda netije alynar” diýdi.

DKTR-nyň Prezidenti aprel we maý aýlarynda gepleşiklerde bir netijä barmagyň mümkindigini nygtap, şeýle bolan halatynda çözgüde ýetmegiň has ýeňilleşjekdigini aýtdy.

Kipriň türk tarapynyň 11-nji aprelde başlajak täze tapgyrda ýagşy niýetli we iki sebitli, iki jemgyýetli, syýasy deňlige esaslanýan federal çözgüt ugrunda başlangyçlaryň ediljekdigine ünsi çeken Akynjy, grek tarapynyň hem täze tapgyrda gepleşiklere federalizmiň başlangyç ýörelgelerine taýarlykly gelmeginiň ähmiýetini nygtady.

 



Degişli Habarlar