Türkmenistanda “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy bellenildi

“Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy Türkmenistanda 1995-nji ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýär

704448
Türkmenistanda “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy bellenildi

“Suw damjasy-altyn dänesi” temasy bilen geçirilýän çäreleriň maksady suwuň eýe bolan ähmiýetine ünsi çekmek. Territoriýasynyň esasy bölegi çölden ybarat bolan Türkmenistanyň suw üpjünçiliginiň esy bölegi Amyderýadan alynýar.

2-nji aprel ýekşenbe güni bellenilen “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygynyň esasy dabaralary Aşgabadyn demirgazygyndan geçýän Garagum kanalynyň kenarynda guraldy. Kanalyň kanaryndaky seýilgähde dürli medeni çäreler we bag oturtma dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, ministrler, daşary ýurtly diplomatlar, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşulylar, hünärmenler we mugallymlar bilen talyplar ganaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde; ýurdunda suwuň tygşytly we aýawly peýdalanylmagyna üns berilýändigini, halkyň arassa agyz suwy üpjünçiligini ýola goýmak üçin möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini beýan etdi.
 



Degişli Habarlar