Türkmenistan Amyderýanyň iki kenaryny iki köpri bilen birleşdirdi

İndi gatnaw has gysga möhletde we howpsyz bolar

686878
Türkmenistan Amyderýanyň iki kenaryny iki köpri bilen birleşdirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amyderýanyň üstünde gurlan demirýol köprüsi bilen gara ýoly köprüsini sapar bilen ýurda baran Özbegistanyň lideri Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde açdy.

Açylyş iki ýurduň liderlerinin umumy taryha, medeniýete, dostluga we doganlyga ünsi çeken çykyşlaryndan soň boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow açylyş dabarasynda sözlän sözünde täze köprüleriň sebitleýin howpsyzlyga uly goşant goşjakdygyny aýtdy. Türkmen lider Amyderýanyň ugrundaky köprülerin taryhy ähmiýete eýedigini nygtady we beýleki transport taslamalary arkaly Orta Aziýany tranzit geçiş merkezine öwürendigini aýtdy.

Özbegistanyň döwlet Ýolbaşçysy Mirziýoýew bolsa Amyderýanyň ugrundaky köprüleriň diňe bir Türkmenistanyň iki şäherini Türkmenabady we Faraby däl, eýsem ýurtlary, kontinentleri birleşdirýändigini, taryhy ýüpek ýoluny täzeden dikeltjekdigini beýan etdi. Özbegistanyň lideri çykyşynyň ahyrynda “Özbek-Türkmen doganlygyna, dostlugymyza göz degmesin” diýdi. Liderler resmi saparyň birinji gününde strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişipdi.

2013-nji ýylda gurluşygyna başlanan köprülerden; demirýol köprüsiniň uzynlygy 1750 metr, gara ýoly köprüsiniň uzynlygy bolsa 1600 metr. Bu köprüler Orta Aziýa ýurtlarynyň söwda ýükleriniň Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman demirýol transport tory taslamasy bilen birlikde Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitlerine üstaşyr hem-de howpsyz geçiş nokady bolar. Eýranyň üstaşyr Türkmenistandan geçip Orta Aziýa we Günorta Aziýa ýurtlaryna ýük daşaýan türk konteýner gatnawy hem indi has ýeňilleşer we howpsyzlaşar.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde guralan açylyş dabarasynyň çäginde Yslam Kerimowyň ady dakylan köçäniň başynda gurlan Kerimowyň ýadygärligi hem liderler tarapyndan açyldy. Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly diplomatlaryň gatnaşmagyndaky dabaralar türkmen we özbek sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmägindäki konsert programmasy bilen tamamlandy.

 



Degişli Habarlar