Astana gepleşiklerinde möhüm kararlar kabul edildi

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 3-nji gezek geçirilen Siriýa temaly maslahatda Türkiýe, Russiýa we Eýran od açmazlyk baradaky ylalaşygyň gözegçilik edilmegi üçin umumy toparyň döredilmegi barada karar kabul edildi

674384
Astana gepleşiklerinde möhüm kararlar kabul edildi

Taraplar gepleşikleriň jikme-jikligini paýtagt Ankarada dowam etdirerler.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentýew geçiren metbugat ýygnagynda umumy toparyň döredilmeginiň wajypdygyna ünsleri çekip: “Bu topar esasan hem od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünlerine gözegçilik ederler. Mundan başgada syýasy etap bilen bagly tapawutly pozisiýalarda iş alyp bararlar” diýdi.

Siriýanyň hökümetiniň we oppozisioner toparlaryň wekilleri bilen konstitutsion özgertmeleriň geçirilmegi babatynda duşuşandyklaryny öňe süren Lawrentýew taraplaryň häzirlikçe sessizdiklerini, emma bu gepleşikleriň taraplaryň pozisiýalaryny biri-birlerine ýakynlaşdyrjakdygyna ynanýandyklaryny habar berdi.

Oppozisionerleriň adyndan beýanat beren Muhammed Alluş gepleşiklerde od açmzalyk baradaky ylalaşygyň gözegçilik edilmegi we tussag edilenleriň azat edilmegi ýaly meseleleriň üstünde durup geçendiklerini mälim etdi.

Alluş mehanizmiň üstündäki işleriň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşandyklaryny we gepleşikleriň Ankarada dowam etjekdigini belledi.

Gepleşiklere gatnaşan Başar Asadyň BMG-daky hemişelik wekili Beşar Al-Jaferi bolsa Astanadaky gepleşikleriň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek duşuşyklar üçin möhüm bir ädimdigini aýdyp, gepleşikleriň netijeli geçendigine ünsi çekdi.

Astana gepleşikleriniň ilkinjisi Türkiýäniň we Russiýanyň ýolbaşçylygynda 23-24-nji ýanwar aralygynda geçirildi.

6-njy fewralda geçirilen 2-nji maslahatda üç taraplaýyn mehanizm bilen baglanşykly tehniki gepleşikler geçirilipdi.



Degişli Habarlar