Gazagystanda harby dik uçaryň ekipažy ýük ulagynyň sürüjisinden salgy sorady

Gazagystanda harby dik uçaryň uçarmany barmaly ýerini tapmandan soň çäräni ýola gonup, salgy soramakda tapdy

674061
Gazagystanda harby dik uçaryň ekipažy ýük ulagynyň sürüjisinden salgy sorady

Gazagystanda harby dik uçaryň ekipažy ýük ulagynyň sürüjisinden salgy sorady.

Üssesine-de awtomagistralyň ortasynda.

Gazagystanda harby dik uçaryň uçarmany barmaly ýerini tapmandan soň çäräni ýola gonup, salgy soramakda tapdy.

Önüne çykan ýük ulagyndan ybarat kerweni saklady.

Mi-8 kysymly dik uçardan düşen kömekçi uçarman ylgap, ýük ulagynyň ýanyna geldi.

Sürüji bilen salamlaşdy we iň golaýdaky oba nähili gitmelidigini sorady.

Salgyny alyp, dik uçara dolandy.

Barmaly ýerine ýetmek üçin ýaňadandan uçdy.

Dik uçaryň uçarmanynyň saklan ulag kerwenindäki sürüjiler adatdan daşary wakanyň geň galyjylygyndan soň ýoluna dowam etdirdiler.

Wideo ýazgy internetde ýaýradylandan soň Gazagystanyň goranmak ministrligi beýannama berdi.

Aslyna seredilende bu waka meýilleşdirilen ugur tapma türgenleşiginiň bir bölegini emele getirýärdi.

Uçarmanlyk talimini alan esgerler esasanda nirä barýandyklaryny bilmän ýola düşürilip, niredediklerini golaýdakylaryň goldawy bilen tapmaklary islenipdi.

 

 


Etiketkalar: #dikuçar , #salgy , #Gazagystan

Degişli Habarlar