Azerbaýjanda işleýän diplomatlar 23 ýyl soň Ermenilerden halas edilen Leledepä bardylar

23 ýyl ozal ýerlerinden göçmäge mejbur bolan Azerbaýjanlylar Çojuk Merjenli obasyna dolanýarlar

673611
Azerbaýjanda işleýän diplomatlar 23 ýyl soň Ermenilerden halas edilen Leledepä bardylar

Azerbaýjanda  işleýän daşary ýurtly diplomatlar 23 ýyl soň Ermenilerden halas edilen Leledepä bardylar..

2016-njy ýylyn aprel aýyndaky çaknyşyklardan soň Azerbaýjanyň Ermenistanyň basybalyjylygyndan halas eden Leledepe diýilýän ýerinde abatlaýyş işleri dowam edýär.

23 ýyl ozal ýerlerinden göçmäge mejbur bolan Azerbaýjanlylar Çojuk Merjenli obasyna dolanýarlar.

Sebitiň minalardan saplaýyş işlerine hem başlady.

Azerbaýjan işleýän diplomatlar hem Çojuk Merjenli obasyna baryp, alnyp barylýan işler barada maglumat aldylar.

Halkara guramalarynyň wekilleri bilen birlilkde 55 adamdan ybarat bolan toparyň agzalary öýlerde myhmançylykda boldular.

Ermenistan 25 ýyldan gowrak wagt bäri Azerbaýjanyň Daglyk Garabag awtanomiýasyny we golaýyndaky 7 etrapda basybalyjygyny dowam etdirýär.

Basybalyjylyk sebäpli 1 milliondan gowrak Azerbaýjanly bolsa başga ýerlere göçmäge mejbur boldy.

Diplomatlar ýaňadandan ýaşaýyşa açylan Çojuk Merjenli obasyna baryp gördüler.

 



Degişli Habarlar