12-nji Dekabr Halkara Bitaraplyk Güni

BMG-niň Baş Assambleaýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi

667620
12-nji Dekabr Halkara Bitaraplyk Güni

Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

Bu çözgüt Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary abraýynyň hem-de onuň älumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmesi boldy. Resminamada bellenilişi ýaly, bitaraplyk milli syýasaty degişli sebitlerde hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär we parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boup biler.

Halkara Bitaraplyk gününi döretmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2015-nji ýylyň dekabrynda Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen paýtagtynda geçirilen Halkara maslahatynda öňe sürüldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda ýokarda agzalan Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

12-nji dekabr, BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik bitaralyk derejesiniň kabul edilen güni. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy barada karar kabul edipdi. Şol sene Türkmenistanyň halky üçin taryhy gün bolan bolsa, Türkmenistanyň hökümetiniň halkara derejesindäki uly üstünligi hökmünde kabul edilýär.

Türkmenistanyň halkara syýasatynyň özenini emele getirýän bitaraplyk syýasaty Türkiýe Respublikasy tarapyndan hem güýçli goldanýar.

Preziden R.T.Erdogan; 2015-nji ýýlyň 12-nji dekabrynda bitaraplygyň 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde geçirilen “Bitaraplyk syýasaty; Parahatçyk, howpsyzlyk we galkynyz üçin halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyna gatnaşypdy we Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna berilýän goldaw bilen birlikde özara gatnaşyklar iň ýokary derejede ara alynyp maslahatlaşylypdy.

 



Degişli Habarlar