Türkiýe Türkmenistanyň FETÖ garşy göreşdäki hyzmatdaşlygyndan hoşal

Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň beren beýanatynda aýdylýar

666505
Türkiýe Türkmenistanyň FETÖ garşy göreşdäki hyzmatdaşlygyndan hoşal

Ilçihanadan berilen beýannamada türk köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 2017-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda berlen habarda FETÖ bilen baglanşykly ýokary okuw jaýlary barada taýarlanan delilnama üns çekilip, Türkmenistandaky Halkara Türk-türk uniwersitetiniň hem ady agzalypdy. Türkmen ýolbaşçylary ady agzalýan uniwersitetiň henizem öz işini dowam etdirýändigi hakynda türk halk köpçüliginde ýalňyş garaýşyň bardygyny, emma ady agzalýan uniwersitetiň 2014-nji ýylda döwlet eýeçiligine alynandygyny nygtadylar.

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasy hem resmi internet saýtynda metbugat beýannamasyny çap etdi we türkmen ýolbaşçylarynyň FETÖ garşy ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.

Ilçihananyň beýannamasynda şeýle diýilýär: “Ady agzalýan uniwersitetiň FETÖ bilen arabaglanşygynyň bardygy sebäpli şol gurama bilen baglanşykly adamlardan dolulygyna saplandy we 2014-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet gözegçiligine alyndy. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda hem ýörite karar bilen Oguzhan Türkmen Tehnalogiýa uniwersitetine öwrüldi.

FETÖ garşy göreşde türkmen ýolbaşçylarynyň berýän goldawlary üçin türk halky doganlyk türkmen hökümetiniň tutumyny hemişe uly hormat bilen ýatlar.”

(TRT Aşgabat)



Degişli Habarlar