"Astana Siriýa gepleşiklerine taýar"

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi paýtagt Astanada geçiriljek Siriýa gepleşikleri üçin ähli taýarlyklaryň görlendigini mälim etdi

653285
"Astana Siriýa gepleşiklerine taýar"

Daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanow mesele hakynda beren beýanatynda, “Gazagystan gepleşiklere taýar. Gepleşikleriň 23-nji ýanwarda geçirilmegi meýilleşdirilýär”diýdi.

Ministr Abdrahmanow maslahatyň derejesiniň gatnaşyjylara, Türkiýeden we Russiýadan geljek toparlara kimiň ýolbaşçylyk etjekdigine baglydygyny nygtady.

Eýranyň wekilleriniň hem maslahata gatnaşmak isleýändigini aýdan Abdrahmanow, gepleşikleriň geçiriljek ýeriniň kesgitlenmegine garaşýandyklaryny ýatlatdy.

Gazagystanyň Daşary işler ministri Siriýa maslahatyny geçirmek üçin ýeterlik tejribeleriniň bardygyny, ozal Almaty şäherinde ýadro gepleşikleriniň we 2015-nji ýylda hem Astanada Siriýa temaly 2 maslahatyň geçirlendigini ýatlatdy.

Abdrahmanow gepleşikleriň Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Siriýa gepleşikleriniň ýerini alyp bilmejekdigini belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Astana gepleşikleriniň 23-nji ýanwarda geçiriljekdigini aýdypdy.

 

 



Degişli Habarlar