Türkmenistanda Prezident saýlawy boýunça tanyşdyrlyş işleri dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan daşgary 8 dalaşgär maksatlaryny we taslamalaryny halka gürrüň bermäge dowam edýärler

652374
Türkmenistanda Prezident saýlawy boýunça tanyşdyrlyş işleri dowam edýär

12-nji fewralda geçiriljek saýlaw mynasybetli özlerini tanyşdyrmaklary üçin dalaşgärlere teleýaýlymlarda möhlet berilýär. Prezident Berdimuhamedow teleýaýlymlarda özi üçin beriljek wagtden el çekdi we şol möhletiň beýleki dalaşgärlere berilmegini isläpdi.

Türkmenistanyň Saýlaw düzgünine görä saýlawa we sesleriň sanalmagyna gözegçilik etmek üçin milli synçylar kesgitlenýar. Şol maksada laýyklykda 3223 sany milli synçy kesgitlendi we olara şahadatnamalary berildi.

Synçylaryň 687 sanysy Demokratik partiýadan, 610 sanysy Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, 407 sanysy Ekerançylyk partiýasynyň wekillerinden ybarat bolan bolsa; Zenanlar bileleşiginiň, ýaşlar guramalarynyň we Raýatlar bileleşiklerinin wekilleri hem synçylyk ederler.

Milli synçylar saýlaw kampaniýalaryna gatnaşmak bilen birlikde saýlawdan ozal sesleriň howpsyzlygy boýunça maslahatlara gatnaşarlar we seslerin sanalyp, yglan edilmegine çenli iş alyp bararlar.



Degişli Habarlar