Türkmenistan Eýrana tebigy gazyň akdyrylmagy barada çykan habarlar boýunça beýannama berdi

Türkmenistan bilen Eýranyň tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy hakynda çykan habarlar boýunça beýannama çap etdi

644816
Türkmenistan Eýrana tebigy gazyň akdyrylmagy barada çykan habarlar boýunça beýannama berdi

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň we başga ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan bilen Eýranyň tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy hakynda çykan habarlar boýunça beýannama çap etdi

Käbir metbugat organlarynda: “2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Eýrana türkmen tebigy gazynyň akdyrylmagynyň bes edilendigi”, käbirlerinde bolsa: “Eýran bilen Türkmensitanyň tebigy gaz akdyrylmagy boýunça 5 ýyllyk şertnama baglaşandygy” barada habarlaryň çykandygy barada aýdylýan beýannamada, şol habarlaryň esassyz we hakykata bap gelmeýändigi nygtalýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada; Türkmenistanyň 1997-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri tebigy gaz aluw-satuw ylalaşygyna laýyklykda Eýrana tebigy gaz eksport edýändigi we özara ylalaşygyň ähli şertlerini berjaý edendigi nygtalýar.

Eýranyň, 2013-nji ýyldan bäri akdyrylan türkmen tebigy gazy üçin karzyny bermek ugrunda degişli tagallany etmändigi barada aýdylýan beýannamada; şol sebäpli turba göterijiniň abatlaýyş işlerinde maddy kynçylyklaryň çekilendigi bellenilýär.

Beýannamada ýüze çykan bu ýaramaz şertler sebäpli akdyrylýan türkmen gazynyň mukdarynyň azaldylyp bilinjekdigi barada 2016-nji ýylda Eýrana birnäçe gezek resmi maglumat berilendigi, tölegleriň gijä goýulmagynyň Türkmengaz Döwlet Konserniniň Eýrana tebigy gaz akdyrýan tebigy gaz guýularynda, tebigy gazy arassalaýyş desgalarynda tehniki işlerin bes edilmegine sebäp bolup biljekdigi nygtalýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň: “bu meseläniň syýasylaşdyrylmaga synanşylmagyny dostlukly çemeleşme hökmünde kabul etmejekdigi” barada nygtalýan beýannamada; Eýranyň Milli Gaz Kampaniýasynyn Türkmenistanyň oňyn çemeleşmesine we amatly çözgüt gözleglerine oňyn garamanlygy sebäpli 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Eýrana akdyrylýan türkmen tebigy gazynyň mukdarynyň mejbury ýagdaýda çäklendirme goýulandygy bellenilýär.



Degişli Habarlar