Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärleriň sany 9-a ýetdi

Türkmenistanyň Prezidenti rejelenen görnüşdäki Konstitusiýa (Esasy Kanuna) laýyklykda, 7 ýyl möhlete saýlanar

638930
Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärleriň sany 9-a ýetdi

 

Türkmenistanda syýasy partiýalar 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlary üçin dalaşgärlerini hödürleýär.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ozal dalaşgärligi kabul edilen Maksat Annanepesowdan daşary raýatlar tarapyndan teklip edilen 5 adamyň dalaşgärligini kabul etdi.

Şeýlelikde Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgärleriň sany 9-a ýetdi.

-Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow,

-Seýdiniň нebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýew

- Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow

-Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilow

-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow

- Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew

-“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow

- Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Kowusowiç Annanepesowyň

- Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyň dalaşgärligi kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde ýaýlymda özüne berlen wagty bu wezipä dalaşgär bolan beýlekilere bermek barada gelen kararyny häzirki döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni, 25-nji dekabrda milli telewideniýede eden çykyşynda habar berdi. 

“Men ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda özüme berlen wagty Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki dalaşgärlere paýlamagy Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topardan haýyş edýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we dalaşgärleriň ählisine üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanda saýlawlar 12-nji fewralda geçiriler. Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan 9 dalaşgäriň biri boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti rejelenen görnüşdäki Konstitusiýa (Esasy Kanuna) laýyklykda, 7 ýyl möhlete saýlanar. Ol şeýle hem Hökümetiň Baştutany bolýar.



Degişli Habarlar