Türkmenistanyň ykdysadyýeti 2016-njy ýylda uly ösüş etdi

Bazar ykdysadyýetine geçiş üçin taýarlyklarynyň depginini güýçlendiren Türkmenistanda 2016-njy ýylyň 11 aýlyk görkezijilerine görä içerki milli girdeji 6,2 göterim artdy

636661
Türkmenistanyň ykdysadyýeti 2016-njy ýylda uly ösüş etdi

Degişli döwürde senagat önümçiliginde 1,1, gurluşykda 4,4, transportda we aragatnaşyk pudagynda 10.4, oba howalygynda bolsa 12 göterim ösüş amala aşyryldy.

Bu görkezijiler Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,4 göterimlik ösüş diýmekligi aňladýar.

Türkmenistanyň Döwlet Habarlar Gullugynyň beýan etmegine görä türkmen önümleriniň eksportynyň artdyrylmagy ugrunda alynyp barylýan işler we oňa berilýän goldawlaryň netijesinde eksportda-da uly ösüş edildi. Geçen ýylyň degişli döwrüne görä elektrik togunyň eksportynda 17,4, dökünde 2,6 we sement pudagynda 6,3 göterim artyş edildi. Çig mallaryň importynda bolsa 10 göterim aşaklama boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady trategiýasyna laýyklykda bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçiş, tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagy, önümçilikde ýerli çig mallardan peýdalanmak we önümleriň köpdürliliginiň ýaýbaňlandyrylmagy we ýerli bazaryň ýokary hili harytlar bilen üpjün edilmegi nazarda tutulýar.



Degişli Habarlar