Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň işjeň çärelerine ýokary baha berdi

Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdy

629562
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň işjeň çärelerine ýokary baha berdi

Halkra pul gaznasynyň wekiliýeti Türkmenistana nobatdaky saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdy. Iri maliýe düzümiň bilermenleri makroykdysady ýagdaýa baha berdiler hem-de döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri we diplomatik bileleşiginiň wekilleri bilen milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

 

HPG-nyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Martin Sommer Aşgabada saparynyň jemleri boýunça metbugat üçin beýannama berdi. Onda daşary ýurtlardan getirilýän harytlary olaryň ornuny tutýan ýerli önümler bilen çalşyrmak hem-de daşary ýurtlara önümleri ibermegi höweslendirmek boýunça Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň işjeň çäreleri bellenilýär. Munuň özi biziň ýurdumyza daşarky ýaramaz şertleriň täsirini ep-esli ýumşatmaga mümkinçilik berdi.

 

Hususan-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirýän ýagdaýlaryň arasynda uglewodorod çig malynyň pes bahalary hem-de söwda boýunça hyzmatdaş ýurtlarda ykdysady ösüşiň haýal depginleri görkezildi. Şunda bellenilişi ýaly, türkmen ykdysadyýetiniň uglewodorod däl ulgamlarynyň ösmegine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen goldamaga gönükdirilen karz we düzüm syýasatynyň çäreleri ýardam etdi.

 

HPG-nyň habarynda Türkmenistanyň resmi edaralarynyň daşarky wehimleri kadalaşdyrmak boýunça işjeň çäreleri gördüler, uglewodorod pudagyna täze strategik maýa goýumlarynyň çäklerinde, şeýle hem ýerli işewürligi ösdürmäge uly möçberdäki maliýe serişdelerini gönükdirmek arkaly içerki önümçiligi höweslendirmek güýçlendirildi diýlip bellenilýär.

 

HPG-nyň bilermenleri döwlet çykdajylarynyň netijeliligini artdyrmak, bank kadalaşdyrmasyny kämilleşdirmek hem-de töwekgelçilikleriň öňüni almak maksadynda gözegçilik etmek babatda geljekki ösüşiň mümkinçiliklerini belleýärler, ýurduň durnukly ykdysady ösüşini we onuň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmek maksadynda hususy pudagy ösdürmegiň maksadalaýyklygyny belleýärler.

 

HPG-nyň ykdysady syýasatyň meseleleri we mümkinçilikleri ösdürmegiň maksatnamalary, şol sanda makroykdysady statistika hem-de çaklama, pul-karz amallary we salgyt-býujet syýasaty babatda meseleler boýunça maslahatlary bermek arkaly Türkmenistanyň hökümetiniň geçirýän özgertmelerine goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

 

Elbetde, maliýe ulgamynda öz wagtynda geçirilen özgertmeler Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň maliýe durnuklylygyny, jemi içerki önümçiligiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Uly möçberdäki döwlet serişdeleri önümçilik we durmuş-medeni desgalaryň gurluşygyna, ykdysadyýetiň uglewodorod däl pudagynda hereket edýän kuwwatlyklary giňeltmäge, abatlamaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga gönükdirilýär.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen 11 aýyň jemleri boýunça 9-njy dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri boýunça ozalkysy ýaly ösüşiň ýokary depginleri saklanýar diýip belledi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberleriniň ösüşi on bir aýda bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet  haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri hem  köpeldi. Ýurdumyzda köp sanly      önümçilik we durmuş maksatly täze desgalar gurlup, ulanmaga berildi.

 

Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, elektrik energiýasynyň beýleki döwletlere iberilýän möçberi 17,4 göterim artdy. Mineral dökünleriň iberilişi 2,6 esse, sementiň iberilişi 6,3 esse köpeldi.  Ýüňüň, halylaryň, gök we miwe  önümleriniň, ösümlik ýagynyň, bugdaýyň, pagta süýüminiň hem-de beýleki  önümleriň iberilýän möçberi hem artdy.

 

Daşary ýurtlardan döwletimize  getirilýän çig mallaryň we materiallaryň möçberiniň 10 göterime golaý azalmagy bu harytlaryň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ep-esli derejede täsir etdi.

 

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri önümleriň täze görnüşlerini  çykarmagyň hasabyna dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz bu işde ýurdumyzda bar bolan uly mümkinçilikleriň, ätiýaçlyk serişdeleriniň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

 

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiki ugurlary geljek ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetinde hem öz beýanyny tapdy. Olar täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçiligiň netijeliligini artdyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri dowam etmek, täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem milli innowasion ulgamy döretmek arkaly senagat pudaklaryny ösdürmek bolup durýar.

 

Elbetde, ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank edaralarynyň öňünde täze möhüm maksatlar örboýuna galýar, gazanylan netijeler bolsa öňde goýlan ähli wezipeleriň üstünlikli çözüljekdigine ynam döredýär. HPG-niň wekiliýetiniň pikirine görä, Türkmenistanda häzirki ykdysady özgertmeleri çaltlandyrmak üçin mäkäm binýat döredildi, bu bolsa ýakyn geljek üçin ýurdumyzyň ykdysady ösüşini oňaýly çaklamaga mümkinçilik döredýär.

 

Halkara pul gaznasynyň beýannamasynyň ýene bir gezek tassyklaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan ösmegini ynamly dowam edip, örän aýgytly maksatlary durmuşa geçirýär we täze belentlikleri gazanýar. (TDH)

 

 

 

 



Degişli Habarlar