Mirziýoýew ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa gurar

Habar Prezident Putiniň metbugat sekretary Dimitri Peskow tarapyndan “oňyn waka” hökmünde häsýetlendirildi

627251
Mirziýoýew ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa gurar

 

Özbegistanda 4-nji dekabrda Prezidentlige saýlanan Şawkat Mirziýoýewiň ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa gurajakdygy habar berildi

“Izwestiýa” gazetinde berilen habar Prezident Putiniň metbugat sekretary Dimitri Peskow tarapyndan “oňyn waka” hökmünde häsýetlendirildi.

Habarda beýan edilmegine görä özbek hökümetiniň degişli edaralary sapar üçin taýarlyklara başlady. Ýurtdaky ministrlikler prezidente Russiýa bilen gatnaşyklar barada maglumat taýarlaýar.

Şawkat Mirziýoýewiň wezipä başlama dabarasy ýylyň ahyryna çenli guralar. Russiýa saparynyň bolsa gyş aýlarynda ýa-da baharda guraljakdygy çaklanylýar.

Rus hünärmenleri özbek liderinin Moskwa sapary boýunça şübheleriniň bolmandygyny beýan edip, saparyň Russiýa bilen Özbegistanyn arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny üpjün etjekdigini beýan edýärler.

Rýssiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň ozalky prezidenti Yslam Karimowyň aradan çykmagyndan soň 3-nji sentýabrda Samarkanda sapar gurapdy.

Özbegistan Russiýanyň öňbaşçylyk edýän Kollektiw howpsyzlyk ylalaşygy guramasyna we Ýewraziýa ykdysady bileleşigi ýaly guramalara agza däl.

Şawkat Mirziýoýew Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellenenden soň ýurdunyn şol guramalara agza bolmajakdygyny beýan edipdi.

 



Degişli Habarlar