"Doganlyk türk halkynyň gynanjyny paýlaşýarys"

Nursoltan Nazarbaýew, Almazbek Atambaýew we Ilham Aliýew hüjüme gynanç bildirdi

628205
"Doganlyk türk halkynyň gynanjyny paýlaşýarys"

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin Prezident Erdogana gynanç bildirdi.Nazarbaýew ýüzlenmesinde Stambulda guralan terrorçylykly hüjüme uly gynanç bildirýändigini nygtap, “Halkara durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin Türkiýe bilen birlikde tagalla etmäge taýardyrys”diýdi. Stambulda guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli Gazagystanda iş alyp barýan türk kärhanalarynda baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew hem terrorçylykly hüjüm sebäpli Prezdent Erdogana gynanç bildirdi.Atambaýew ýüzlenmesinde “Gyrgyz halky doganlyk türk halkynyň gynanjyny paýlaşýar we terrory berk ýazgarýarys. Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýäris, ýaralananlara şypa dileýäris” diýdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem Stambulda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin Prezident Erdogana gynanç bildirdi.Aliýew terrorçylykly hüjümi näletleýändiklerini we ähli terror guramalaryna garşy tutanýerli tutumyň alnyp barylmalydygyny belledi.Aliýew ýüzlenmesinde “Hüjüm sebäpli size we hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna, doganlyk türk halkyna öz adymdan we azerbaýjanyň halkynyn adyndan uly gynanç bildirýärin, ýaralananlara gyssagly şypa dileýärin” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar