Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy gutlady

Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa gutlag hatyny iberdi.

609974
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň  Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa gutlag hatyny iberdi. 

Türkmenistanyň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dostlukly halkyna bolsa öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ABŞ-nyň saýlanan Prezidentine örän uly hormat goýýandygy hem-de Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga çalyşýandygy baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi.


Degişli Habarlar