Gazagystan 2017-nji ýyldan başlap wizasyz syýahat edýän ýurtlaryň sanyny 48-e çykarar

Gazagystan maýadarlary we syýahatçylary özüne çekmek üçin 2017-nji ýyldan başlap wizasyz syýahat edýän ýurtlaryň sanyny 48-e çykarar

588231
Gazagystan 2017-nji ýyldan başlap wizasyz syýahat edýän ýurtlaryň sanyny 48-e çykarar

Gazagystanyň Maýa goýum we galkynyş ministri Jenis Kasymbek 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasyna agza ýurtlar üçin wiza ulgamynyň bes ediljekdigini nygtady.

Ministr Kasymbek “Şeýlelikde wizasyz syýahat edýän ýurtlaryň sany 48-e çykarlar” diýip belledi.

Türkiýe bilen birlikde Russiýa, İtaliýa, Germaniýa, ABŞ we Britaniýa ýaly ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanynyň gün saýyn artýandygyny aýdan Kasymbek, Gazagystandaky myhmanhanalaryň sanynyň soňky 10 ýylda 871-den 2441-e ýetendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar