DKTR-na elektrik liniýasy çekiler

Türkiýe bilen DKTR-nyň arasynda energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyga gol çekişildi

587486
DKTR-na elektrik liniýasy çekiler

23-nji Bütindünýä Energetika maslahatynyň çäginde duşuşan Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Sunat Atun, DKTR-na deňiz astynda kabel arkaly elektrik togunyň çekilmegi baradaky ylalaşyga gol çekdiler.

Ylalaşyga laýyklykda dizel ýangyç bilen elektrik toguny öndürýän DKTR, guruljak täze ulgam bilen Türkiýeden elektrik toguny alar.

Ministr Albaýrak: “Türkiýe bilen DKTR-nyň arasyndaky bul ylalaşyk diňe DKTR-sy üçin däl, sebitleýin jähtden hem möhüm başlangyçlaryň başyny başlap biler” diýdi.

DKTR-nyň Energetika we ykdysadyýet ministri Sunat Atun bolsa ylalaşyk bilen Ýakyn Gündogaryň günorta etraplaryna-da elektrik togunyň çekilmeginiň mümkin boljakdygyny nygtap: “Belkem bir “Türk akymy” taslamasy hem suwuň, hem toguň, hem-de gazyň DKTR-nyň üstaşyr başga ýurtlara akdyrylmagyny üpjün eder” diýdi.



Degişli Habarlar