Töwriz uniwersitetinde Türk dili we edebiýaty bölümi açyldy

Töwriz uniwersitetiniň Türk dili we edebiýaty bölüminiň ýolbaşçysy Ahmet Ferşbafiýan şol bölümde bilim aljak ilkinji talyplar toparynyň derslere başlandyğyny aýtdy

584913
Töwriz uniwersitetinde Türk dili we edebiýaty bölümi açyldy

Ahmet Ferşbafiýan uniwersitetiň seçip alyş we ornaşdyryş bölüminiň şu ýyl üçin 40 talyp üçin ýer berendigini habar beripdi.

Emma ýüz tutanlaryň sany 80-e barabar bolandygy üçin 40 talyp agşamky derslere gatnamaly bolar.

Ferşbafiýan bölümi saýlap alanlaryň esasy böleginiň türki asyllylardan ybaratdygyny aýtdy.

Türk dili we edebiýaty bölüminiň başlygy Ferşbafiýan tejribeli alymlar bilen bölümiň güýçlenmegini we yzgiderliliginiň üpjün edilmegi üçin işlejekdiklerini mälim etdi.

Türkiýede bolsa Pars dili we edebiýaty bölüminde Ankara uniwersitetinde 1936-njy ýyldan bäri talyplara bilim berilýär.

Pars dili we edebiýaty bölümi Türkiýedäki başga uniwersitetlerde hem bar.



Degişli Habarlar