Azerbaýjanda ertir referendum geçiriler

Azerbaýjanyň konstitutsiýasynyň 23-nji maddasyna üýtgeşme girizmeklik we konstitutsiýa täze 6 madda girizmek üçin ertir referendum geçiriler

576643
Azerbaýjanda ertir referendum geçiriler

Prezident Ilham Aliýewiň teklibine laýyklykda konstitutsiýa üýtgeşme girizmeklik, Prezident wezipesiniň 5 ýyldan 7 ýyla çykarylmagy, Prezident wezipesine bellenmek üçin ýaşyň azyndan 35 ýaş bolmagynyň ortadan aýrylmagy, Prezidente irki Prezident saýlawlaryň geçirip bilmegi babatynda ygtyýar berilmegi we şuňa meňzeş meseleler babatynda referendum geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Girizilmek islenýän üýtgeşmeleriň arasynda Prezidentiň 1-nji orunbasary we Prezidentiň kömekçileri ýaly wezipeleriň hem döredilmegi meýilleşdirilýär.

Bu wezipelere bellemek we şol wezipedäkileri wezipelerinden çetleşdirmek Prezident tarapyndan ýerine ýetiriler.

Prezidentiň 1-nji orunbasary el degrilmesizlik hukugyna eýe bolar.

Prezidentiň bolmaýan mahaly ähli ygtyýar Prezidenti Biriniji orunbasarynyň elinde bolar.

Referendum 125 saýlaw okrugynda 5 müň 627 merkezde 5 million 260 müň adamyň ses bermegi bilen geçiriler. Daşary ýurtlarda ýaşaýan azerbaýjanlylar 38 aýry merkezde ses berip bilerler.

Referenduma 53 müň 300 ýerli we 117 halkara synçy gözegçilik eder.

Mundan başgada ses berilşikleri merkezlerde goýulan kameralar arkaly görüp bolýar.

Ertir geçiriljek referendum ýerli wagt bilen sagat 08:00-da başlap, 19:00-a çenli dowam eder.



Degişli Habarlar