Gyrgyzystanyň Prezidenti Atambaýew Russiýada bejergi alar

Gyrgyzystanyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň Russiýanyň paýtagty Moskwada bejergi aljakdygy mälim edildi

575630
Gyrgyzystanyň Prezidenti Atambaýew Russiýada bejergi alar

Almazbek Atambaýew Nýu-Ýork şäherindäki BMG-nyň 71-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Stambul Atatürk howa menzilinde uçara münjek mahaly ýarawsyzlanypdy we döş agyrysy sebäpli lukmanlar tarapyndan barlagdan geçirilipdi.

Lukmanlaryň maslahatyna laýyklykda Nýu-Ýork saparyny goý bolsun eden Gyrgyzystanyň Prezidenti Atambaýew Izmir welaýatynyň Çeşme etrabyndaky myhmanhanalaryň birinde lukmanlaryň gözegçiligi astynda birnäçe wagt galypdy.

Gyrgyzystanyň Prezident diwany tarapyndan berilen beýanatda: “Prezident Atambaýew Russiýanyň we hünärmen lukmanlaryň çakylygyna laýyklykda Moskwa gitdi” diýilýär.

Beýanatda Atambaýewiň bejergisiniň Russiýa Federasiýasynyň Döwlet ýolbaşçysynyň Merkezi kliniki hassahanasynda dowam etdiriljekdigi mälim edildi.



Degişli Habarlar