Halkara sport media forumynyň mejlisi tamamlandy

Bu waka mynasybetli dünýäniň 29 ýurdunyň metbugat gulluklarynyň işgärleri Aşgabada geldiler

575236
Halkara sport media forumynyň mejlisi tamamlandy

Düýn türkmen paýtagtynda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäginde we Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen iri halkara sport media forumynyň mejlisi tamamlandy. Bu waka mynasybetli dünýäniň 29 ýurdunyň metbugat gulluklarynyň işgärleri Aşgabada geldiler. Olar Aziada-2017-ni beýan etmekde innowasion çemeleşmeleriň meseleleri boýunça iki günüň dowamynda pikir alyşdylar.

Hususan-da, jemleýji mejlisiň barşynda, oňa gatnaşanlar halkara derejesindäki iri ýaryşlarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary tehnologiýaly häzirki zamanda ýaryşlaryň barşy barada habarlary dünýäniň islendik ýerine şol pursatda ýetirmek mümkin bolup durýar. Bu bolsa sport wakalaryna dykgat bilen seredýän sport muşdaklarynyň gyzyklanmasyny has hem artdyrýar. Şonuň üçin hem, özüniň öňki oýunlardan düýpli tapawudy bilen (bu Oýunlar ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçiriler) halkara toparlarynda uly gyzyklanma döredýän Aziýa oýunlarynyň geçirilýän wagty žurnalistleriň işi örän tiz hem-de netijeli bolmalydyr.

Düýn türgenler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine V Aziýa oýunlaryň maksatnamasyna girýän sport görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Çykyşlary ýeňil atletikasynyň ussatlary açdylar, olar 23-nji sentýabrda Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk ýeňil atletika binasynda halkara synag ýaryşyna gatnaşarlar.

Bu ýaryşa Owganystandan, Eýrandan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan 150-ä golaý türgen gatnaşar. Türgenler ýeňil atletikanyň 19 görnüşi—gysga aralyklara, şol sanda päsgelçilikli ylgawlar, orta aralyklara ylgawlar, uzynlygyna bökmek, üçürdikläp bökmek, agyrlyk iteklemek, zenanlaryň arasynda sportuň bäş görnüşi we beýikligine bökmek boýunça medallar ugrunda göreşerler. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabatdan iň ezber türgenleriň 80-e golaýy Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş eder.

Myhmanlar Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşmagyň barşynda bouling boýunça ýaryşlary geçirmek üçin hem enjamlaşdyrylan giň zaly bolan ýapyk ýeňil atletika binasyndan başga-da, sportuň suw görnüşleri, söweş sungatlary hem-de sport göreşi we beýleki sport toplumlaryna baryp gördüler.

Media foruma gatnaşyjylar tennis boýunça halkara synag ýaryşynyň açylyş dabarasyna hem tomaşaçy hökmünde gatnaşdylar. Şeýle hem olar kömekçi meýdançalarda geçirilen deslapky saýlama duşuşyklaryň gidişine hem tomaşa etdiler. Daşary ýurtly žurnalistler diňe bir sport desgasyna däl-de, ýaryşyň guralyşynyň derejesine hem ýokary baha berdiler.

Nepaldan gelen žurnalist Niranjan Rajbanşi türkmen türgenleriniň ýaryşlarda, mysal üçin, tennisde nähili janypkeşlik bilen  ýeňiş gazanmak üçin göreşýändiklerini belledi. " Ýaryşa şeýle janypkeşlik bilen çemeleşmekleri türkmen tennisçilerine geljekde uly sport üstünlikleriniň garaşýandygyny görkezýär".

"Ýewropa- Täze Gruziýa" habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Badri Natçkebiýa soňky ýyllarda türkmen paýtagtynda, şol sanda sport ulgamynda bolup geçen ägirt uly özgertmelere haýran galýandygyny "Şeýle haýran galdyryjy özgertmeleri diňe kuwwatly döwlet başarýar, bu bolsa, elbetde, siziň hormatly Prezidentiňiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallasynyň netijesidir. Men siziň milli Lideriňiziň raýatlar bilen açyk göwünli gürleşmegine hem haýran galdym. Şunuň bilen baglylykda, mende "Türkmenistanyň Prezidentiniň baran ýerinde ýeňiş bolar" diýen mizemez ynam döredi" diýmek bilen  mälim etdi

Media forumyň çäreleriniň maksatnamasyna laýyklykda, 22-nji sentýabrda günüň ikinji ýarymynda Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň has tapawutlanan sport žurnalistlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. (TDH)



Degişli Habarlar