Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy

546301
Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Dabarada türk işewürleri bilen söhbetdeş bolan G.Berdimuhamedov ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy

Zähmet dynç alşynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üstüni ýetiren täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

 Şol desgalaryň hatarynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalary tarapyndan gurlan “Ak Ýelken” kottejler toplumy hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça bina edilen, ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamy üçin niýetlenen ýaht-klub we “Tolkun” kottejler toplumy bar.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bu ýerde halkara derejeli döwrebap şypahana zolagyny döretmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir. Bu zolagy döretmek başlangyjy bolsa döwlet Baştutanymyza degişlidir. Häzirki wagtda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Her ýyl tomus möwsüminde bu ýere dynç alýanlaryň müňlerçesi gelýär. Şunda Awazada dynç alşyň, şol sanda maşgala bolup dynç almagyň oňaýly şertleriniň, hyzmatlaryň ýokary derejesiniň hem-de boş wagtyňy gyzykly geçirmegiň ýylyň tutuş dowamynda kepillendirilýändigini bellemelidiris. Muňa diňe bir türkmenistanlylar däl, eýsem, daşary ýurtly myhmanlarymyz hem ýokary baha berýärler.

Mälim bolşy ýaly, Awazany ösdürmek we abadanlaşdyrmak, onuň çäginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň barşy hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň ýakyndan  goldaw bermegi netijesinde bu ýerde ägirt uly taslama amala aşyrylýar. Ine, şu gün hem zähmet dynç alşynda bolýan milli Liderimiz şypahana ulgamynyň nobatdaky desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin Hazaryň kenaryna geldi.

 

Dabaraly pursat gelip ýetýär—milli Liderimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we “Ak Ýelken” kottejler toplumyny açýar.

 

Soňra döwlet Baştutanymyz  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew bilen söhbetdeş bolup, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň geljekki işlerine aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylan möhüm taslamalary, şol sanda ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoluny, kaliý dökünlerini öndürýän kärhanany we beýleki desgalary gurmak baradaky taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işleriň depginini  güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk-de ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmäge, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmäge uly üns berjekdigini belledi.

 

Milli Liderimiz şeýle hem türk işewürliginiň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň Türkmenistanda döwlet maksatnamalaryny hem-de durmuş we ykdysady ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berdi. “Tolkun” kottejler toplumynyň we ýaht-klubunyň  gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu gurluşyk “Şahin” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Biziň öňümizde giň möçberli meýilnamalary amala aşyrmak wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we türkiýeli hyzmatdaşlary ýurdumyzda özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistan üçin iň ýakyn, doganlyk döwlet bolup durýar. Türkmenistan Türkiýäniň halky üçin taryhy Watany hasaplanylýar.   

 

Türk işewür toparlarynyň ýurdumyzda üstünlikli işlemegi Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň gadymdan bäri iki döwletiň   doganlyk halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk we köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklara daýanyp, bilelikdäki işiň oňyn tejribesini, milli ykdysadyýetleriň ägirt  uly kuwwatyny we üstünliklerini nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklarynyň dürli ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

 

 

 



Degişli Habarlar